Pyragy paýhasy täze eserlerde

17 Iýun 2024
175

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilen «Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 14-nji iýunda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldy.

Oňa ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri, ýagny monografiýalary, ylmy makalalary, aýdymyň sözleri üçin niýetlenen goşgularydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy, akyldar şahyrymyzyň ömri, döredijilik dünýäsi, onuň edebi mirasyny içgin öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan işler beýan edilipdir.

Miwe ATAÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar