Ýurdumyzyň bilim ulgamy kämilleşdirilýär

16 Iýun 2024
459

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa 8 bapdan ybarat bolup, onuň ilkinji babynda resminamanyň maksadyny, wezipesini we mazmunyny emele getirmek üçin zerurlyklar, jemgyýetçilik talaplary düşündirilýär.

Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny, bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Aýnabat TOÝLYÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar