Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi

16 Iýun 2024
291

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, umuman Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şahyryň eserleri türkmen kalbynyň aýnasydyr. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuňňur many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Zamanasynyň ylymly-bilimli adamy, XVIII asyryň görnükli şahyry, öz mähriban pederi Döwletmämmet Azadydan tälim alan, mekdep gören, Gündogaryň dana kişilerine gol beren Magtymgulynyň öwüt-ündewe ýugrulan pelsepewi şygyrlary uly ähmiýete eýedir. Şahyryň akyl-parasatly, welilik garaýyşly şygyrlarynyň jadysy ýürekden-ýürege ornap, asyrdan-asyra uzap bilýän ruhy çeşmedir, gymmatly baýlykdyr. Şahyryň tutuş döredijiligini bezäp duran eserleri onuň ýürek owazyny, durşy bilen päklige ýugrulan arzuw-hyýallaryny, isleg-maksatlaryny beýan edýär. Şahyryň ajaýyp şygyrlary watansöýüjilik, adamkärçilik, bir-birege hormat, geçirimlilik, sabyr-kanagatlylyk ýaly çuňňur many-mazmunly, ynsanperwerlige ýugrulan edebi garaýyşlary özünde jemleýändigi bilen özüne çekijidir.

Toýly AKMUHAMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar