Ene dilimiziň baýlygy — ruhy gymmatlygymyz

16 Iýun 2024
349

Ylym-bilimde bellenilişi ýaly, dil aragatnaşygyň möhüm serişdesidir. Dil bilmek kämillikdir, ösen düşünjelilikdir. Islendik pikir, ylmy garaýyşlar dil bilen beýan edilýär. Şonuň üçin hem dilimiziň baýlygyny, many-mazmunyny, baý sözlük goruny ýaşlara öwretmek olaryň pikirlenişini ösdürmekdir. Ata-babalarymyzdan miras galan ene dilimiz diňe bir gadymylygy bilen däl-de, eýsem, baýlygy, sözleriniň çuňňur manylylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ene dilimizi, şonuň ýaly-da, daşary ýurt dillerini ylmy taýdan öwrenmäge berilýän üns guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen dilini ösdürmäge, onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler ildeşlerimiziň kalbynda buýsanjy artdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz we ruhy baýlygymyz bolan ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Milli dilimiz halkymyzyň diňe bir ruhy gymmatlygy bolman, eýsem, ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň, üstünlikleriň, ösüşiň gözbaşydyr. Söz baýlygyňy ösdürmek üçin ene dilimiziň taryhyny öwrenmeli. Türkmen dilinde bar bolan taryhy kitaplar, çeper eserler dilimiziň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar. Akyldarlarymyz, şahyrlarymyz şeýle gymmatly çeşme bolan edebi eserleri miras galdyrypdyrlar.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar