Ylym we innowasiýalar — döwrüň talaby

14 Iýun 2024
133

11-nji iýunda paýtagtymyzda Ylymlar gününe bagyşlanyp, «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi.

Maslahatyň işi Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek — geljegiň energiýasy» atly sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşlykdan başlandy. Gözden geçirilişde milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň netijeleri, ýurdumyzda durmuşa geçiren hem-de işläp taýýarlan taslamalary görkezildi. Mowzuklaýyn bölümler häzirki wagtda energetika senagatynda giňden ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara we döwrebap enjamlara bagyşlandy.

«Watan».
Beýleki habarlar