Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag

13 Iýun 2024
78

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralanýan Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň bilelikde guramaklarynda «Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýandygy, ylmy goldamak we ösdürmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärlerine, ylym bilen meşgullanýan ýaşlara aýratyn sarpa goýýandygy buýsanç bilen bellenildi.

Dabaraly maslahatda institutda zähmet çekýän göreldeli işgärlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hakmyrat Kişjikow,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.
Beýleki habarlar