Gaz ýa­ta­gy ta­pyl­dy

14 Iýun 2024
102

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ýa­pon deň­zin­de uly ne­bit we gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Seu­lyň tak­my­nan, 260 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Ýo­nil aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän bu ýa­tak­da 14 mil­liard bar­rel tö­we­re­gi ne­bit we gaz bo­lup bi­ler. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, gor­la­ryň 75 gö­te­ri­mi gaz, 25 gö­te­ri­mi ne­bit­dir. Ga­zyň muk­da­ry ýur­duň 29 ýy­ly­na, ne­bi­tiň muk­da­ry bol­sa 4 ýy­ly­na ýe­ter.

Bu açyş özü­niň ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry­nyň, tak­my­nan, 97-98 gö­te­ri­mi­ni im­port ed­ýän Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýurt eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri öz suw­la­ryn­da geo­lo­gik bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar we bu üs­tün­lik­li açy­şyň il­kin­ji­si däl. 1998-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Pho­han­dan uzak­da bol­ma­dyk suw­lar­dan 45 mil­li­on bar­rel­lik gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Bu ýa­ta­gy 17 ýy­lyň do­wa­myn­da ulanan ýurt 1,4 tril­li­on won, tak­my­nan, 1 mil­liard dol­lar sap gir­de­ji ga­zan­dy.

Beýleki habarlar