Baş As­samb­le­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy

14 Iýun 2024
94

Ka­me­ru­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Fi­le­mon Ýang BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň we­ki­li Mo­ni­ka Greý­li mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Baş As­samb­le­ýada 79-njy mej­li­siň baş­ly­gy­ny kes­git­le­mek üçin 193 ag­za döw­le­tiň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ses ber­ildi. Fi­le­mon Ýang şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Şeý­le-de Greý­li 6-njy iýun­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 2025-2026-njy ýyl­lar üçin BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik däl bäş ag­za­sy üçin saý­law ge­çi­ri­len­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.

Baş sek­re­tar An­to­niu Gu­ter­riş Ýan­gy saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, Baş As­samb­le­ýa­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Den­nis Fren­si­siň «As­samb­le­ýa­nyň işi­ne deň­siz-taý­syz dip­lo­ma­ti­ýa us­sat­ly­gy bi­len ýol­baş­çy­lyk eden­di­gi­ni» aýt­dy. Fi­le­mon Ýang özü­niň saý­lan­ma­gy üçin ses be­ren Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di. Ol As­samb­le­ýa­da iş­län döw­rün­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne my­na­syp hyz­mat et­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Beýleki habarlar