Yl­my bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­lan­dy

14 Iýun 2024
58

12-nji iýun­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýaş alym­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Oňa ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş alym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, önüm­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry, şeý­le-de yl­ma hö­wes­li dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Mil­li ylym ul­ga­my­nyň ýaş ze­hin­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar hem bar.

Beýleki habarlar