Ulag-logistika aragatnaşyklary – Merkezi Aziýa sebitini gülledip ösdürmegiň möhüm ugry

14 Iýun 2024
124

Ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» seljeriji merkezleriniň dördünji forumy geçirildi. Seljerijileriň abraýly maslahatynyň işine gündogarşynas, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň bilermeni Döwletmyrat Mämmedow gatnaşdy. Türkmenistan «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy alymdan forumyň işi barada özünde galan täsirlerini paýlaşmagyny hem-de onuň pikiriçe, biziň sebitimizi ösdürmek üçin aýratyn möhüm görünýän ugurlar barada gysgaça durup geçmegini haýyş etdi. 

– Ilki bilen, okyjylara sebitiň bilermenleriniň mundan ozalky forumynyň geçen ýylyň sentýabrynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilendigini ýatlatmak isleýäris. Şonda ýüzden gowrak bilermenleri hem-de alymlary bir ýere jemlän maslahatyň esasy meselesi «Hytaý-Merkezi Aziýa» görnüşinde bitewi ykbalyň has ýakyn jemgyýetçiligini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy. Sianda medeni-siwilizasiýa dürlüliginiň şertlerinde gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de sebitara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar