Malaý halkynyň gahryman ogly

13 Iýun 2024
149

Paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda malaý halkynyň belli şahyry, edebiýatçysy, taryhçysy, Indoneziýanyň milli gahrymany Raja Ali Hajynyň hem heýkeli bar.

Malaý diliniň ilkinji milli grammatikasyny we düşündirişli sözlügini düzüji Raja Ali Hajy bin Raja Hajy Ahmad 1808-nji ýylda Britan Malaýýasynyň Selangor şäherinde dünýä inýär. Ol XIX asyryň ortalarynda Riau welaýatynyň malaý dünýäsiniň ylmy merkezine öwrülmeginde-de uly işleri bitirýär. Onuň «Gymmatly sowgat», «Malaý we Bugisleriň nesil şejeresi» ýaly ylmy işleri, «Abdul Mulugyň şygryýeti» poemasy, «On iki bölümdäki gurindamlar» atly didaktiki ikilemeleri häzirki wagtda-da okyjylaryň gyzgyn söýgüsine eýe bolmagynda galýar. Malaý diliniň ilkinji grammatikasy we düşündirişli sözlügi, «Dil bilimleriniň kitaby», «Patyşanyň wezipeleri», «Yhlasyň miwesi» ýaly eserleri onuň döredijiliginde görnükli orun eýeleýär.

Taýýarlan Jemal NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar