Strategik hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

13 Iýun 2024
134

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri hem-de abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meýilleriniň çuňňur we toplumlaýyn seljerilmeginde hem-de ösüşiň ählumumy işlerine köpugurly goşulmagynda döwletimiziň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. BMG-niň bütin dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlary ýurdumyzyň milli ösüş we umumadamzat abadançylygynyň özara arabaglanyşygyna bolan garaýyşlary bilen kybap gelýär.

Muhammet GURBANKULOW,
Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar