Türkmen-koreý işewürlik maslahaty: mümkinçilikleriň aýdyň ugurlary

13 Iýun 2024
122

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimize  täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Netijede, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şu ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman işewürlik maslahatyna gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda çuňňur manyly, giň dünýägaraýyşly pikirlerini aýdyň beýan etmek bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz özüniň çykyşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejelere çykandygyny, esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetendigini, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny belledi. Şeýle hem häzirki wagtda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekilendigini, şolardan 26-synyň  döwletara we hökümetara resminamalar, 79-synyň bolsa pudagara resminamalar bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtady.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar