Ýolumyzyň şamçyragy

13 Iýun 2024
147

Halkymyzda geçmişden bäri ylym öwrenmek, köpri gurmak, guýy gazmak ýaly ýörelgeler mukaddes hasaplanylýar. Ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň baş maksady hem ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, ýaşlary ylmy işlere çekmekden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakdan, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şundan ugur alnyp, berkarar döwletimizde ýaşlaryň ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli şertler döredilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýip belledi.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar