Göwün päkligidir Gurban baýramy

13 Iýun 2024
154

13-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde «Göwün päkligidir Gurban baýramy» diýip atlandyrylan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu dabara ýetip gelýän, halkymyzyň gadymy milli toýlarynyň biri bolan Gurban baýramyna bagyşlandy. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilelikde gurady.

Ýurdumyzda belli sungat ussatlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Aýgül Ýagşyýewa, Dürjemal Çaňlyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri Halbike Dowyýewa, Narjan Berdiýewa dagy öz çykyşlary bilen bu dabaranyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdiler.

Aýsenem HYDYRGULYÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar