Ýaşlar — röwşen geljegimiz

13 Iýun 2024
147

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Tejen etrabynyň edara-kärhanalarynda, oba ýerlerinde degişli işler yzygiderli häsiýetde alnyp barylýar. Tomus paslynyň häzirki günlerinde hem ýaşlaryň arasynda duşuşyklar guralyp, olaryň barşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipelere üns çekilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda edilýän tagallalar barada aýdyp, sport bilen meşgullanmaga döredilýän ajaýyp mümkinçilikdir şertler dogrusynda aýratyn gürrüň edýärler.

Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeginde, sport bilen yzygiderli meşgullanmagynda, ýaramaz endiklerden daşda durmagynda, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmagynda bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Raýatlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi ugrundaky tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Allamyrat TAHYROW,
Tejen etrap polisiýa bölüminiň Altyn asyr şäheriniň polisiýa bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça toparyň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar