Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

13 Iýun 2024
60

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet derejesinde giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka — Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni giňişligindäki ornuny pugtalandyrýan beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Beýleki habarlar