Döwletimiziň ylmy we ykdysady mümkinçiliklerini pugtalandyrmak — alymlaryň baş wezipesi

13 Iýun 2024
179

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar