Dostlukly döwletiň paýtagty Seul

12 Iýun 2024
154

Meşhur bina

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde ýerleşýän «Lotte World Tower» binasy koreýalylaryň buýsanjy hasaplanýar. Bu bina 2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Beýikligi 555 metr bolan ajaýyp bina 123 gatdan ybaratdyr. Koreýa Respublikasynyň iň beýik, dünýäniň bolsa bäşinji beýik binasy hasaplanýan bu desga Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Birnäçe söwda merkezlerini, ofisleri, restoranlary, myhmanhanany we konsert zalyny öz içine alýan bu binada bulutlaryň arasyndan şäheri synlamaga uly mümkinçilikler bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar