Ylym — bagtly geljegiň altyn açary

12 Iýun 2024
152

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda düýpli ylmy işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmek üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde harby ylmyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berilýär. Döwletiň, jemgyýetiň her bir ugurdaky ösüşleri ylmyň-bilimiň ösdürilmegine baglydyr. Ýaş nesliň ylym binýadynyň berk tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň harby ylym ulgamynyň abraýynyň artmagyna hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine goşulmagyna-da ýardam edýär.

Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň kafedralarynda harby talyplary ylmy barlaglara çekmek, olar bilen ylmy taslamalary işläp taýýarlamak, ylmy işleriň yzygiderli ösüşini gazanmak babatynda ilkinji ädimler ädildi. Institutyň ýaş alymlar gurnagynda ýokary derejeli harby hünärmenleri ylmy taýdan taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam etjek işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, ylmy forumlara we ylmy gurnaklara harby talyplar işjeň gatnaşýarlar. Şeýle maslahatlarda harby talyplar we serkerde-mugallymlar dürli ylmy başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Raýat goranyşy fakultetinde ylmy-barlaglar geçirilende innowasion tehnologiýalar giňden ulanylyp, harby talyplaryň raýat goranyşy çygrynda hünär ugurlary boýunça bilimlerini ylmy esaslarda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Institutyň binýadyndaky merkezde ylmy işler döwrebap tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalarda giňişleýin alnyp barylýar. Bu ugurda tejribeli we halypa mugallymlaryň hem-de alymlar tarapyndan talyp ýaşlaryň arasynda ylym-bilim babatdaky bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Harby talyplaryň okuwdan boş wagtlarynda ylym bilen meşgullanmaklary, raýat goranyşy ulgamynyň kämilleşmegine, häzirki zaman täzeçe ylmy taslamalarynyň döremegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Serdar ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar