Döwlet syýasatynyň baş maksady

12 Iýun 2024
134

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, kanunçylyga hem üns berlip, adamyň hukuklary we azatlyklary, kanuny bähbitleri goralýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watanymyzy ykdysady, syýasy, medeni, ylmy taýdan ösdürmek bilen, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, milli kanunçylygy dünýä ülňülerine laýyk getirmek we has-da kämilleşdirmek babatda alyp barýan işlerem rowaçlyklara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar» diýen sözlerindenem görnüşi ýaly, biziň arzuwlaryň hasyl bolýan jenneti mekanymyzda ähli alada raýatlaryň azat, erkana, abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilip, ol döwlet Baştutanymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň hakykat ýüzünde amala aşyrylýandygynyň dabaralanmasydyr.

Döwletmyrat Hojagulyýew,
Esenguly etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar