Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

12 Iýun 2024
150

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda müňlerçe kilometr uzaklyk bar. Ýöne iki döwletiň arasyndaky dostluga daýanýan gatnaşyklar bu uzak menzilleri has ýakynlaşdyrýar. Bu gün biri-biri üçin ygtybarly hyzmatdaşlara öwrülen Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bu gatnaşyklaryň gerimini geljekde has-da giňeltmek üçin ynamly ädimleri ädýärler. Şol ädimler ýakynda dostlukly döwletiň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň biziň ýurdumyza amala aşyran iki günlük döwlet saparynda hem öz beýanyny tapdy.

Ilki bilen hormatly Prezidentimiziň belent mertebeli myhman bilen geçiren gepleşikleriniň iňňän netijeli bolandygyny nygtamak gerek. Netijeli gepleşiklerden soň ikitaraplaýyn resminamalaryň 8-sine we Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Beýleki habarlar