Dünýä belentliginiň täze basgançagy

12 Iýun 2024
155

Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy eýýäm 32 ýyldan gowrak wagt bäri ygtybarly hyzmatdaşdygyny subut edip gelýän Türkmenistana ýene bir belent mertebäni ynandy: biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm çözgütlere baý boljak 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde ilki bilen hormatly Prezidentimize ýetirildi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň hem nygtaýşy ýaly, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 6-njy iýunda kabul eden çözgüdine laýyklykda dünýäde Bitaraplygy hut şu gurama tarapyndan kabul edilen ilkinji döwlet bolan Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Başlygyň orunbasary wezipesini alyp barar. Munuň özi Watanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde-de dünýäniň syýasy giňişliginiň biziň ýurdumyza bolan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar