Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana alternatiw ugry ösdürer

12 Iýun 2024
69

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen uzajak alternatiw ugry ösdürmek arkaly Owganystan bilen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollardan 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. «Trend» tarapyndan hödürlenen habarda muny Premýer-ministriň orunbasary Serik Žumangariniň mälim edendigi aýdylýar.

«Häzirki wagtda Owganystan bilen söwda dolanyşygy takmynan 1 milliard dollar. Maksat — 3 milliard dollara ýetmek. Muny logistik taýýarlyk bolmazdan, amala aşyrmak mümkin däl. Häzirki wagtda Owganystana barýan esasy ýol Özbegistandan geçýär. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň üsti bilen alternatiw ýol hem işlenip düzülýär» — diýip, Žumangarin belledi.

Beýleki habarlar