Çekeleşikli ýaryş

11 Iýun 2024
170

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport-sagaldyş çäreleri geçirilýär. «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz» ady bilen geçen şadyýan estafeta bäsleşigi şeýle çäreleriň biri boldy.

Ýaş nesliň sporta we bedenterbiýä höwesini artdyrmak, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sportuň degişli görnüşi boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesinde «Güneş» topary birinji, «Şöhle» topary ikinji, «Galkan» topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar