Gepleşikler ― täze taryhyň başlangyjy

11 Iýun 2024
109

Ýurdumyzyň barha berkeýän we ynanyşmak ýoly bilen öňe ilerleýän halkara gatnaşyklary täze şanly sahypalara juda baý. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary hem munuň şeýledigini aňryýany bilen subut etdi.

Saparyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň iňňän netijeli bolandygyny aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman iki döwletiň arasynda söwda, ykdysady, ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmegiň täze wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryndan iki döwletiň bilelikde peýdalanmagy, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy» boýunça Aziýa ― Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti ulag geçelgelerini döretmek, täze «akylly» şäherleri bilelikde gurmak, metanyň howa zyňylmagyny azaltmak babatynda hyzmatdaşlyk etmek, Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramak, iki ýurduň lukmançylyk merkezleriniň, uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, türgenlerdir tälimçileriň alyş-çalşygyny ýola goýmak barada aýdylanlar ildeşlerimizde uly şatlyk döretdi. Diňe bir Aziýanyň däl, tutuş dünýäniň iň ösen döwletleriniň biri hasaplanylýan Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk geçirilen gepleşiklerden kemala geljek täze sahypalar bilen has-da berkär.

Rowaç EZIZOW,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar