Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: hoşniýetli hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

10 Iýun 2024
142

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleri gadymyýete uzaýar we özara taryhy alyşmalar bilen häsiýetlendirilýär. Şu jähetden, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary aýratyn ähmiýete eýe bolup, iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany ýazar.

Ilkinji nobatda, bu saparyň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydygyny bellemek gerek. Şeýle hem 2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar