Ylym — Soňlanmaýan hazyna

10 Iýun 2024
165

Bilşimiz ýaly, ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Döwlet Baştutanymyz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar.

Şu ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi möhüm syýasy waka hökmünde täze taryhymyza möhürlendi. Milli Liderimiziň çuňňur mazmunly çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryny, şol sanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar