Ylmy hyzmatdaşlygy ilerledip

8 Iýun 2024
183

Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli, düýn Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Ylym-bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen maslahata ýurdumyzyň we ýene-de 10 döwletiň ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Gerimi Merkezi Aziýadan gündogarlygyna — Hytaýa, günbatara bolsa Beýik Britaniýa çenli uzan halkara maslahatda biziň ildeşlerimiz bilen birlikde, rus, belarus, gyrgyz, özbek, täjik, türk, hytaý, iňlis we nemes alymlarynyň hem täsirli çykyşlary diňlenildi. Maslahat ylym babatda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bilelikdäki ösüşi ilerletmek maksady bilen guraldy. Şunda ýaş alymlaryň işlerine aýratyn üns berlendigini aýtmak gerek.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar