«Ýaşyl» geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk

7 Iýun 2024
179

5-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan çäre dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi. Maslahat Türkmenistan bilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda «ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.

Degişli ugurda iş alyp barýan milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän ylmy-amaly maslahatda halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyşlar edildi. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary tanyşdyrylyp, toplanan tejribeler, täze işläp taýýarlamalar paýlaşyldy.

«Watan».
Beýleki habarlar