Bakuwdaky dostana duşuşyklar

7 Iýun 2024
366

Hazar deňzi bilen araçäkleşýän iki doganlyk döwletiň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň gadyrly gatnaşyklarynyň taryhy gadymyýete uzap gidýär. Oguz toparyna girýän häzirki zaman garyndaş türkmen hem azerbaýjan dillerindäki umumylyklar bilen bir hatarda, iki halkyň milli ynançlaryndaky, däp-dessurlaryndaky we medeniýetindäki meňzeşlikler taryhy ýakynlygyň nyşany bolup durýar. Türkmen we azerbaýjan halklarynyň doganlyk gatnaşyklary, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ýyl geldigiçe ýokary derejelere çykýar. Munuň özi iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň irginsiz aladalarynyň, bimöçber tagallalarynyň netijesidir. Ýakynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň guwandyryjy netijeleri-de munuň aýdyň mysaly boldy.

Ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işgärlerinden ybarat wekiliýetiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygynda golaýda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherine amala aşyran iş sapary netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň direktory Teýmur Kerimliniň arasynda geçirilen duşuşykda geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýeti akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bu institutda gymmatly hazyna hökmünde saklanýan golýazmalary, olaryň tapylyşynyň taryhy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Hezretguly DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar