Rus kinosynyň festiwaly

7 Iýun 2024
136

3 — 5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň adybir kinoteatrynda geçirilen rus kinosynyň festiwaly baş şäherimiziň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi, Kino gaznasy, «ROSKINO» döwlet guramasy we bu ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, dürli ýaşdaky tomaşaçylara rus kinematografiýasynyň soňky ýyllardaky iň özboluşly eserleriniň saýlama toplumy görkezildi. Olaryň arasynda Aleksandr Woýtinskiniň režissýorlyk eden «Çüýbalygyň emri bilen» atly erteki-filmi hem bar. Konstantin Feoktistowyň režissýorlygyndaky «Üç batyr we Ýeriň göbegi» atly gülküli, başdan geçirmelere baý multiplikasiýa önümi rus kinoprokatynyň tutuş taryhynda iň köp isleg bildirilen animasion eser bolup, oňa türkmen kinosöýüjileri-de ýokary baha berdiler. Režissýorlar Alekseý Sisilin, Wladimir Nikolaýew, Alekseý Zamyslow tarapyndan surata düşürilen «Ruslan we Lýudmila. Ertekiden hem uly» multfilmi bolsa taryhy ähmiýeti hem-de many-mazmuny taýdan tapawutlanýar. A.S.Puşkiniň «Ruslan we Lýudmila» poemasy esasynda döredilen animasion eseriň türkmen kinoteatryndaky ilkinji görkezilişi beýik rus şahyrynyň doglan gününiň 225 ýyllygynyň öňüsyrasynda has-da ähmiýetlidir. Olga Akatýewanyň režissýorlygyndaky «Men ädim ädýärin» atly çeper film bolsa mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaş hünärmeniň mekdepdäki zähmet ýolundan söz açyp, terbiýeçilik ýordumy bilen özüne çekýär.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar