Abu Aly ibn Sinanyň ylmy döredijiliginiň gymmatlygy

6 Iýun 2024
130

Güljemal ANNABAÝEWA
«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalyň baş redaktory

Abu Aly Huseýin ibn Abdallah ibn al Hasan ibn Aly ibn Sina (latynça ady Awisenna) Orta Aziýanyň görnükli dünýä belli lukmany, filosofy, ýazyjysy, tebigaty öwreniji alymydyr. Ol 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Abu Aly ibn Sina Buharanyň golaýyndaky Afşana obasynda dogulýar. Çagalygyny we ýaşlygyny Buharada geçirýär, öz döwrüniň tejribeli alymlaryndan ylahyýet, filosofiýa, matematika, lukmançylyk ylymlaryny öwrenip, ylmy we amaly lukmançylyk işine başlaýar. Abu Aly Ibn Sina ökde lukman hökmünde gysga wagtda abraý gazanmany başarýar we emir Nuh ibn Mansury üstünlikli bejerenligi üçin alyma emiriň köşgündäki kitaphanada saklanýan golýazmalardan peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu ýerde alym poeziýa, filosofiýa, matematika, geologiýa, astronomiýa, tebigy ylymlary, esasanam, lukmançylyk ugurlary boýunça bilimini artdyrýar. Samanidleriň häkimliginiň ýykylmagy bilen alym bu ýerde alyp barýan üstünlikli lukmançylyk we tebipçilik işini tamamlamaly bolýar. 1002-nji ýylda Ibn Sina Horezmiň paýtagty Gürgenje (häzirki Ürgenç) göçýär we Şah Mamunyň köşgünde ýaşap, ylymlary öwrenmegini dowam edýär. 1007-nji ýyldan başlap Horasanda, 1012-nji ýylda Ispyhanda we Hamedanda ýaşap, Hamedanyň hökümdarynyň lukmany we döwletiň weziri bolýar. Horezmda Ibn Sina öz döwrüniň tanymal alymy Biruni, alym-lukman Abul-Hasan-Hammar bilen duşuşyp pikir alyşýar. Ibn Sina ömrüniň indiki ýyllaryny Hazar deňziniň we Eýranyň dürli şäherlerinde ýaşaýar, ylmyny we tebipçilik işlerini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar