Biotehnologiýanyň toplumlaýyn ösüşi

6 Iýun 2024
163

Döwlet Baştutanymyz ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ylym we bilimi ýurdumyzyň öňe gitmeginiň binýatlyk esasy hasaplaýar. Ylmy esasly, okgunly özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam berýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Täçmyrat DURDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar