Ýürekdeş zenanlaryň dünýäsinde

6 Iýun 2024
393

Ýer-ýurt, halk-millet aýratynlygyna garamazdan, ähli zenanlaryň dünýäsi birmeňzeş bolsa gerek. Çünki Ýer ýüzüniň zenanlarynyň ýürek arzuwy bir — ýurt parahatçylygy, il agzybirligi. Parahat ýurtda maşgala, il-gün bilen agzybirlikde ýaşap, kemally nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olary ylymly-bilimli, hünärli, öý-ojakly edip, agtyk-çowluk, ýuwluk söýmek. Türkmen zenanlaryna bu bagtyň miýesser edendigini, turuwbaşdan bellese bolar. Maşgalada hem-de jemgyýetde aýratyn orny bolan zenanlar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni ynsanperwer ugurlarynda alnyp barylýan giň gerimli işlere deň hukukly gatnaşýarlar. Ýurdumyzda gender deňliginiň üpjün edilmegi zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Türkmen zenanlary il-ýurt bähbitli işlerde, täze başlangyçlarda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara forumlara, maslahatlara gatnaşyp, öz pikirlerini, tekliplerini beýan etmäge giň mümkinçilik tapýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly gününde, ýagny Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum hem iki dostlukly ýurduň zenanlary üçin pikir we tejribe alyşmalaryň meýdançasyna öwrüldi. Bu forumy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň alyp barmagy, paýtagtymyzda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň zenanlarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar