Sporty, sagdynlygy söýýänleriň senesi

5 Iýun 2024
118

Türkmenistan Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň barha rowaçlanýan mekanydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda halkara jemgyýetçilik ýene bir ýola göz ýetirdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. ªol gün ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň senenamasynda hemişelik orun alan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi.

Ýer ýüzünde sporta, sagdynlyga sarpa goýýan her bir adamyň söýgüli senesine öwrülen Bütindünýä welosiped gününiň çäreleri welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan aýdym-sazly medeni-sport çäresi halkara senäniň özboluşly badalgasyna öwrülip, oňa şaýat bolanlaryň kalplarynda ýurdumyza, döwrümize, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç duýgularyny has-da artdyrdy. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda hem şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, joşgun bilen ýerine ýetirilen döwrebap tanslar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

Aşyrberdi Gurbanow,
«Balkan».
Beýleki habarlar