Hytaýyň «Çane-6» stansiýasy Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny orbita iberdi

5 Iýun 2024
148

Hytaýyň «Çane-6» atly awtomatiki planetara stansiýasynyň uçuş moduly Aýyň arka tarapynda toplanan toprak nusgalaryny emeli hemranyň orbitasyna çykardy. Bu waka ýerdäki kosmonawtikanyň taryhynda täze bir sahypany açýar, sebäbi alymlarda heniz Ýeriň hemrasynyň görünmeýän tarapyndan alnan toprak nusgalary ýokdy.

Amallaryň esasy bölegi stansiýa tarapyndan awtomatiki tertipde geçirildi. Şeýle hem Ýerden berlen görkezmeler «Sýuesýao-2» retranslaýtor hemrasynyň kömegi bilen enjama ýetirildi. Nusgalar ýygnalanda heläkçilikleriň öňüni almak üçin Ýerdäki gonuş modulynyň takyk göçürmesiniň töwereginde «Çane-6» moduly üçin Aýdaky ýaly gurşaw döredildi.

Beýleki habarlar