Welosiped sürmek — sagdyn ýaşaýşa badalga

4 Iýun 2024
162

Dünýä döwletleriniň hem-de halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini ýokary derejede üpjün etmek üçin daşky gurşawy goramak, onuň arassalygyny gazanmak gönüden-göni ilkinji zerurlykdyr. Munuň üçin ulaglaryň daşky gurşawa edýän zyýanly täsirini azaltmak hökmanydyr. Şu nukdaýnazardan, dünýäde welosiped sportuny ösdürmek babatdaky tagallalar giň gerime eýe bolýar. Bu ulag iň elýeterli, amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar. Welosiped sürmek daşky gurşaw üçin zyýansyzdyr. Şonuň üçin bu ulagy has giňden durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, welosiped köpçülikleýin öndürilýär we ulanylýar.

Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar, ýürek-damar, gan basyş keselleri, süýjüli-diabet howpunyň hem-de howply täze döreme keselleriniň käbir görnüşleriniň öňüni almakda, aýagyň myşsalarynyň işjeňligini artdyrmakda örän peýdalydyr. Welosiped sürmek ruhuňy göterýär, gözel tebigatyň ajaýyplygyny, owadanlygyny synlamaga, oňa aralaşmaga, daşky dünýäni doly öwrenmäge, gezelenç edýän ýeriň täsinligine göz ýetirmäge şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde adamyň ruhuny göterip, şähdini açýar, fiziki taýdan sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar