Ekologiýa abadançylygyna bagyşlanan maslahat

4 Iýun 2024
229

Düýn — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli «Arkadagly, Gahryman Serdarly bagy-bossan Watanym» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramagynda geçirilen maslahat pikir alyşmalara we täsirli çykyşlara baý boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Azat Seýitbaýew TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Hydyr Myradow, , paýtagtymyzdaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy Tirkeş Annamyradow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň baş hünärmeni Ata Ataýew, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hyzmat ulgamynyň arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Arzygül Durdyýewa we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Didar Geldiýew çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan tebigaty goramak, şeýle-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada gürrüň berdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar