Halkara ylmy-taslama bäsleşigi

3 Iýun 2024
193

1 — 5-nji iýun aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň birinji saýlama tapgyryna 12 ýurduň 25-e golaý ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 100-e golaý talyp özleriniň alyp baran ylmy-taslama işleri bilen gatnaşdy. Şolardan ylmy-taslama işiniň düzgünnamasynda görkezilen talaba laýyklykda, eminler topary tarapyndan saýlanan daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň 4-sinden hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinden jemi 40-a golaý talyp bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkmenistan we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy, şeýle-de ekologik meselelerine ýaşlaryň ünsüni çekmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen yglan edilen halkara bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji saýlama tapgyrda, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanan işler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň esasy tapgyryna gatnaşýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar özleriniň ýerine ýetiren ylmy-taslama işleri barada internet ulgamy arkaly çykyş edýärler.

Aýgül MÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar