Ýaponiýa ilkinji agaçdan ýasalan emeli hemrany äleme uçurar

3 Iýun 2024
172

Ýaponiýada dünýäde ilkinji gezek agaçdan emeli hemra taýýarlanyldy. Ol golaýda äleme uçurylar.

Ýaponiýanyň Kýoto uniwersitetiniň we Sumitomo tokaý hojalygy korporasiýasynyň bilelikdäki gözleg topary agaç emeli hemrany taýýarlamaga 2020-nji ýylyň aprelinde girişdi. Şeýle emeli hemrany döretmekden maksat daşky gurşawy goramak baradaky tagallalardan ybaratdyr. Sebäbi agaç emeli hemra älem giňişligindäki wezipesini tamamlandan soňra Ýere dolanan mahaly atmosfera giren badyna doly ýanyp ýok bolýar. Bu bolsa atmosfera zyýanly galyndylaryň zyňylmagynyň öňüni alýar.

Taýýarlan: Täzegül SÄHETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar