23000-den gowrak awtoulagyny yzyna alar

3 Iýun 2024
162

Russiýanyň Tehniki kadalaşdyrmak we metrologiýa boýunça federal agentliginiň habar bermegine görä, «KAMAZ» kompaniýasy 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny yzyna alar. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Rus­siýada satylan ýük awtoulaglaryny öz içine alýar.

Köpçülikleýin yzyna çagyrmagyň esasy sebäbi möhüm howpsuzlyk ulgamynyň — gyssagly kömek hyz­matlaryna jaň etmek üçin enjamyň ýoklugy. Bu ýetmezçilik sürüjiler üçin hem, beýleki ýol ulanyjylar üçin hem uly howp döredýär. Şu howpy aradan aýyrmak maksady bilen, kompaniýa yzyna çagyrylan ähli ýük awtoulaglaryny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder.

Beýleki habarlar