Nobatdaky şowly çykyşlar

31 Maý 2024
113

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem sport üstünliklerine beslenýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlarynyň halypalyk edýän okuw-türgenleşik toparlarynda türgenleşik okuwyny geçýän ezber türgenleri dürli derejedäki ýaryşlardaky şowly çykyşlary bilen begendirýärler.

Ýakynda Estoniýanyň Tallin şäherinde geçirilen taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Orazmyrat Çaryýew hem-de onuň halypalyk edýän okuw-türgenleşik toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda Ysmaýyl Taýlyýew 34 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tulda altyn we bürünç medallara, Orazmyrat Çaryýew 64 kilogram agram derejesinde şahsy tulda altyn medala mynasyp boldular.

Keman ATAMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar