Işewür hyzmatdaşlyk ilerledilýär

31 Maý 2024
194

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly tagallalar edilýär. 28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşmagy munuň nobatdaky mysalydyr.

Duşuşygyň gün tertibini gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary baradaky meseleler düzdi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu babatda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

«Nesil».
Beýleki habarlar