Welosipediň we welosportuň taryhy

31 Maý 2024
234

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigi baradaky hakykaty bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi. Bu taryhy waka eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, onuň parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Dünýäde giňden ýaýran, uly meşhurlyga eýe bolan welosipediň we welosiped sportunyň taryhyna ser salsak, onda ilkinji welosiped guralynyň taslamasynyň suratyny 1495-nji ýylda beýik italýan alymy, dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçiniň we onuň şägirdi Jakomo Kaprottiniň çekendigi barada aýdylýar.

Maksat Orazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygy.
Beýleki habarlar