Türkmenistan “Italiýa-Merkezi Aziýa” ministrler maslahatyna gatnaşdy

31 Maý 2024
511

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýada geçirilen “Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýaniniň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew hem-de Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gatnaşdy.

– Italiýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagy esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar we bu gatnaşyklary italýan kompaniýalarynyň Merkezi Aziýa döwletlerine açylmagy üçin ümümkinçilik hökmünde garaýar. Sebit ýurtlary bilen ykdysadyýet, senagat, ekologiýa, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berýäris – diýip, Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýani belledi.

Beýleki habarlar