Strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

30 Maý 2024
185

Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýän iri sebitleriň biri hem Aziýa—Ýuwaş umman sebiti bolup durýar. Bu sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hem-de bar bolan möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini tapmak ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär.

Aziýa—Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän we ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Hytaý Halk Respublikasydyr. Döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Aziýa yklymynda geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň mümkinçilikleri döredýär.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar