Türkmenistanda kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar

30 Maý 2024
161

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kosmos pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hemra aragatnaşygynyň täze hyzmatlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar