Dünýä we Magtymguly

30 Maý 2024
274

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda

Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki günlük medeni-sport çäreleri guraldy. Çäreleriň birinji gününde diplomatlaryň, talyplaryň, edebiýat muşdaklarynyň, bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Onda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň, ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimiz M.Orazowyň çykyşlaryna orun berildi. Soňra hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary we Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Çärä gatnaşyjylara bu eserleriň many-mazmuny, olaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berlip, şahyryň şygyrlaryndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar