Türkmen halysy — müňýyllyklaryň şaýady

30 Maý 2024
261

Türkmen halylary elde dokalýan halylaryň arasynda dokalyş aýratynlygy, reňkleriniň solmaýanlygy, nagyşlarynyň sazlaşygy bilen ençeme asyrlardan bäri dünýä halklaryny özüne bendi edip gelýär. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine ylmy işlerdäki maglumatlar, dünýäniň dürli muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleriniň seýrek nagyşlary, taryhçylaryň, syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-barlag işleri geçirilende tapylan halylar we haly keserleridir beýleki maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda türkmen haly we haly önümlerinde giňden ulanylýan nagyşlaryň gadymy nusgalary eneolit hem-de bürünç eýýamlaryna degişli ýadygärliklerde has köp tapylypdyr.

Türkmen halylaryna we haly önümlerine salynýan nagyşlardyr göllere, olaryň merkezi älem göllerine, gyra nagyşlaryna meňzeş şekilleri Türkmenistanyň günorta sebitiniň arheologik ýadygärliklerinden tapylan küýzeleriň we beýleki keramika önümleriniň ýüzündäki bezeg nagyşlarynda görmek bolýar. Bularyň has gadymylaryny, ýagny miladydan öňki V — III müňýyllyklara degişlilerini häzirki Tejen we Sakarçäge etraplarynyň aralygynda ýerleşýän Göksüýri ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylarda görmek bolýar. Bu meňzeşlikler halylarymyz miladydan bäş müň ýyl öň hem häzirki türkmen topragynda dokalypdyr diýmäge esas berýär.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar